BAŞ SAHYPA

TGÝMJ  hünärmenleri Aşgabat şäherinde  Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny we bu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň meýilnamasyny   durmuşa geçirmek boýunça ýaşlaryň,  ýetginjekleriň   arasynda  birnäçe temalar boýunça  interaktif okuw sapaklaryny geçirip  başladylar. Okuw  ýylynyň  1 çärýeginde 200-den gowyrak  okuwçylaryň  arasynda  “Lukmandan deslapky ilkinji  kömeginiň endiklerini öwrenmek”, “Adatdan daşary  ýagdaýlarda  özüňi  alyp  barmagyň düzgünleri”, “Maşgala   agzybirligi”,  “Zyýanly endiklerden  daş  durmak”, “Sagdyn  iýmitlenmek” ýaly okuw temalaryndan sapaklar geçirildi.   TGÝMJ-iň  hünärmenleri    wagy-nesihat işleriniň  gerimini  giňeltmek boýunça  birnäçe işleri  meýilleşdirýär.

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Dekabr 2024
Du Si Ca Pe An Se Ye
25 26 27 28 29 30 1
2 3 4 5 6 7 8
9 10 11 12 13 14 15
16 17 18 19 20 21 22
23 24 25 26 27 28 29
30 31 1 2 3 4 5
15697581
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
13434
14101
47976
430988
15697581

Siziň IP: 18.97.9.171
2024-12-04