BAŞ SAHYPA

TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň ýaşlar merkezleriniň işjeň meýletinçileriniň gatnaşmagynda “Bilimler we talyp ýaşlar” güni mynasybetli welaýat bölüminde işçi duşuşyk geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly “Ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, nurana geljegidir!” Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ylymyň we bilimiň ösdürilmegi milli ykdysadyýetimizi  has-da kuwwatlandyrmakdaky baş maksatlaryň biri bolup durýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ylym dünýäsine çuňňur aralaşmaklary, olaryň ukyp başarnyklarynyň ýüze çykarylmagy, sanly ulgamdan, döwrebap tehnologiýalardan  peýdalanyp nazarýetdäki alan bilimlerini tejribeçilikde berkitmekleri ugrundaky işler esasy wezipeleriň biri bolup durýandygy barada söhbet edildi. Garaşsyz döwletimiziň ýaşlary özüniň ylmy garaýyşlary  bilen ýurdumyzy  öz goşandyny goşarlar.

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Dekabr 2024
Du Si Ca Pe An Se Ye
25 26 27 28 29 30 1
2 3 4 5 6 7 8
9 10 11 12 13 14 15
16 17 18 19 20 21 22
23 24 25 26 27 28 29
30 31 1 2 3 4 5
15697719
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
13572
14101
48114
430988
15697719

Siziň IP: 18.97.9.171
2024-12-04