BAŞ SAHYPA

Hemişelik bitarap Türkmenistany hemmetaraplaýyn ösdürmekde,onuň halkara abraýyny, jemgyýetimiziň bitewiligini, halkyň agzybirligini we jebisligini berkitmekde asyrlara barabar uly işleri alnyp barylýar! Türkmenistanyň Saglygy  goraýyş we  derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, Türkmenistanyň  Zenanlar Birleşmesiniň Merkezi geňeşiniň  ilatyň  arasynda “Göwreli aýallarda we gelin gyzlarda inçekeseliň döreýşi we bejergisi” barada bilelikdäki meýilnamasy esasynda,Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmendemirýollary” agentliginde, 2024nji ýylyň awgust aýynyň 22-ne wagyz-nesihat  duşuşygy geçirildi. Wagyz-nesihat duşuşygynda  ftiziatr lukmanlar  çykyş etdi.Ol öz çykyşynda,göwreli aýallarda  we gelin-gyzlarda  inçekeseliň döreýşi  we bejergisi barada aýdyp geçdi. Halypa lukmanymyzyň esasy nygtan wesýeti,eger kesel alamatlary ýüze çyksa,gijikdirmän şöhle barlaglary we umumy barlaglary geçirilmelidigini düşündirdi.Ondan soňra Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Saglyk Goraýyş we Durmuş Üpjünçilik böliminiň hünärmenler çykyş etdi. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetinde  hereket edýän “Inçekeselli näsaglara edilýän durmuş üpjünçilik goldaw tapgyrynyň paýlanmagyny dolandyrmak” taslamasynyň çäginde   inçekeselli näsaglara bejergini  üstünlikli tamamlamak üçin, ruhy–durmuş goldawyny  berilýändigi aýdyldy. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmendemirýollary” agentliginde   zähmet çekýän  gelin- gyzlaryň arasynda,  sorag-jogaplaryň üsti bilen keseli wagtynda ýüze çykaryp, bejergi alynanda, keseli ýeňip geçip bolýandygy dowy düşindirildi.

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Dekabr 2024
Du Si Ca Pe An Se Ye
25 26 27 28 29 30 1
2 3 4 5 6 7 8
9 10 11 12 13 14 15
16 17 18 19 20 21 22
23 24 25 26 27 28 29
30 31 1 2 3 4 5
15697470
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
13323
14101
47865
430988
15697470

Siziň IP: 18.97.9.171
2024-12-04