BAŞ SAHYPA

Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň işgärleri we meýletinçileri ozaldan beren wadasynda - Ýaşulularyň halkara gününde - durup, garrylar öýünde baýramçylyk dabarasyny gurnadylar.

Täze ýyl baýramçylygy gutlaglar we mähirli garşylamalar bilen başlandy. Soňra goşgudyr sazlar ýaňlandy. Meýletinçiler ýörite taýýarlanylan sahna oýunlaryny ýerine ýetirdiler. Aýratynam, gatnaşyjylarda Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk çakylyklaryny taýýarlamak uly gyzyklanma döretdi. Dabara garrylar öýündäki bir weteranyň gitara saz guralynda saz çalyp, däp bolan aýdymlary hemmeleriň bilelikde aýtmagy bilen tamamlandy.

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
15633048
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
4003
11155
414431
609071
15633048

Siziň IP: 3.145.7.253
2024-11-28