Habarlar

      Lukmandan deslapky ilkinji kömegi bermegiň endiklerini tölegli esasynda okatmak tapgyrynyň çäginde “Koka-kola” kompaniýasynyň 17 hünärmeni okadyldy.
Iki güniň dowamyna – 10.08 – 11.08.2017 ý. çäre TGÝMJ-niň okuw merkezinde geçirildi. Okuwa gatnaşan hünärmenler ilkinji kömegi bermegiň endiklerini görkezmekde işjeň gatnaşdylar hem-de okuw tapgyryndan öň bu endikler boýunça 46% göterim derejesinde öz bilim derejelerini görkezen bolsalar, okuw çäresinden soň olaryň bu görkezijisi 90% çenli ýokarlandy.
      Okuw tapgyryna gatnaşyjylar, okuwyň geçirilen ýerinden, okuwyň geçiriliş hilinden, okuwda ulanylan görkezme esbaplaryndan, widioroliklerden kanagatlanandyklaryny mälim etdiler. Okuw tapgyrynyň öz öňünde goýan maksatlary doly suratda amal edildi we biz okuwa gatnaşyjylaryň alan bilimlerini we endiklerini dogry we öz wagtynda ulanarlar diýip tama edýäris. Okuw tapgyrynyň soňunda, okuwyň netijesi boýunça 65 ball toplan hünärmenler okuwy doly özleşdiren hasaplanýarlar we olara Ýewropa standartyna laýyk gelýän ygtyýarnama berilýär.

   

Iyul 2025
Du Si Ca Pe An Se Ye
30 1 2 3 4 5 6
7 8 9 10 11 12 13
14 15 16 17 18 19 20
21 22 23 24 25 26 27
28 29 30 31 1 2 3
18865772
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
1165
13552
147119
468293
18865772

Siziň IP: 216.73.216.199
2025-07-12