Habarlar

      2017-nji ýylyň 23-nji iýunynda tassyklanan bilelikdäki meýilnama laýyklykda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti beýleki hyzmatdaş edara –guramalar bilen bilelikde Aşgabat şäheriniň “Aşgabat” seýilgähinde Bütindünýä neşekeşlige garşy göreş günine bagyşlanan köpçülikleýin çärä gatnaşdy. Çäräniň esasy maksady sagdyn duşmuş endiklerini wagyz etmek.
Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti tarapynda tanymal estrada aýdymçylarynyň we tans toparlarynyň çykyşy gurnaldy.
     Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň habar beriş nokady seýilgähe gelen adamlarda esasy gyzyklanma döretdi. Ol ýerde, gelen adamlara maglumat kitapçalary hödürlendi, mundan başga-da adamlara peýdaly iýmit önümler görkezilip, olaryň her biriniň peýdaly taraplary bilen tanyşdyryldy.
      Jemgyýetiň meýletinçileri seýilgähe gelen ýaşlaryň arasynda zyýanly endikler, sagdyn durmuş endikleriň peýdasy barada sorag-jogap bäsleşigini geçirdiler. Jemi çärede habarlar bilen 5 000 gowrak adam gurşalyp alyndy.

 

Aprel 2026
Du Si Ca Pe An Se Ye
30 31 1 2 3 4 5
6 7 8 9 10 11 12
13 14 15 16 17 18 19
20 21 22 23 24 25 26
27 28 29 30 1 2 3
22380563
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
6225
14413
391702
431495
22380563

Siziň IP: 216.73.217.94
2026-04-28

Связь с нами