Habarlar

«Bilimli nesil — kuwwatly Watan» diýip ykrar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ylym we bilim barada şeýle diýýär: «Terbiýe iň gymmatly baýlykdyr, bilim we ylym bolsa terbiýäniň sütünidir». Hormatly Arkadagymyzyň öňe süren bu parasatly ýörelgelerinden ugur alyp, ýurdumyzda ýaş nesliň hemmetaraplaýyn kämil, sowatly we bagtyýar bolup ýetişmegi üçin belent tutumlar amala aşyrylýar.

Birinji synpa ätlenen ilkinji ädim — her bir adamyň durmuşyndaky aýratyn pursatdyr. Bu uly umytlaryň, täze açyşlaryň we, elbetde, bilim ýoluna şowly gadam basmagyň döwrüdir.

Bu jogapkärli ädimiň körpelere diňe şatlyk we ylhama beslenmegini gazanmak üçin, Ysraýylyň Türkmenistandaky Ilçihanasy hem-de Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýeti öz tagallalaryny birleşdirdiler. Olar aýratyn alada we goldawa mätäç maşgalalaryň birinji synpa gidýän okuwçylaryna doly toplumly mekdep esbaplaryny gowşuryp, örän möhüm çäräni gurnadylar.

Bu başlangyç çagalara deň mümkinçilikleri bermek, olary alada bilen gurşap almak we mekdep durmuşyna ilkinji ädimlerini ynamly hem-de özüni goragly duýup ätmäge kömek etmek maksat edindiler.

Sentyabr 2026
Du Si Ca Pe An Se Ye
31 1 2 3 4 5 6
7 8 9 10 11 12 13
14 15 16 17 18 19 20
21 22 23 24 25 26 27
28 29 30 1 2 3 4
24236206
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
7924
13036
62113
418619
24236206

Siziň IP: 216.73.216.136
2026-09-05

Связь с нами