Habarlar

«Mary» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda welaýat zenanlar bölüminiň, welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň welaýat bölüminiň bilelikde guramagynda ilatyň arasynda inçekeseliň öňüni almak we gender deňligi boýunça wagyz-nesihat etmek maksady bilen çäre geçirildi. Oňa bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleri, welaýat zenanlar bölüminiň işjeň agzalary gatnaşdylar.Wagyz-nesihat çäresinde Mary etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy, etrap zenanlar bölüminiň işjeň agzasy, mährem ene Akgözel Serdarowanyň, welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň baş hünärmeni Bahar Kakalyýewanyň, welaýat inçekesel hassahanasynyň lukmany Maýa Ýegendurdyýewanyň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň welaýat bölüminiň işgäri Oguljuma Saparmuhammedowanyň çykyşlary diňlenildi. Çykyşlarda inçekeseliň öňüni almakda we ony anyklap, bejermekde geçirilýän işleriň netijesi, inçekeselli näsaglara ruhy-durmuşy goldawlaryň berilmegi barada giňişleýin gürrüň edildi. Şeýle hem çykyş edenler çärä gatnaşyjylara ýokanç kesellerden äge bolmak dogrusynda gymmatly maslahatlary berdiler.

 

 

 

 

15966587
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
10839
21971
316982
430988
15966587

Siziň IP: 3.137.222.9
2024-12-21