Habarlar

TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmenleri we meýletinçileri tarapyndan şäheriň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda adatdan daşary ýagdaýlarda we tebigy betbagtçylyklarda özüňi dolandyrmak, ýer titreme mowzugy boýunça ongünlikler gurnaldy.         Meýletinçiler okuwçylara adatdan daşary ýagdaýlaryň 2 häsiýetli bolýandygyny: birinjisine tebigat tarapyndan ýüze çykýan hadysalar olar: güýçli şemal, suw basma, ýer titreme, läbik süýşmeler degişlidigi, ikinjisine bolsa tehnogen heläkçilikler: olar adamlar tarapyndan ýüze çykýan hadysalar ýagny, awto heläkçilikler, ýangyn we ş.m degişlidigi barada umumy düşünje berdiler. Welaýat bölüminiň hünärmenleri hem öz gezeginde ýurdumyzda ýokary seýsmiki goraglylygyny üpjün etmek üçin senagat gurluşygynyň kuwwatly binýady döredilendigini, häzirki wagtda ylmy taýdan esaslandyrylýan çemeleşme we gurluşyk ulgamyndaky innowasiýalar weýran ediji ýer titremeleriniň kepillikli goragy bolup durýandygy  barada gürrüň berdiler.

 

 

16108291
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
11077
13208
458686
430988
16108291

Siziň IP: 18.225.55.42
2024-12-30