Habarlar

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmenleri, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bilelikde 2024-nji ýylyň 03-nji oktýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilen Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda şäheriň çäginde ýaşaýan eneler we il ýaşulylary bilen baýramçylyk duşuşyklary gurnaldy. Dabaranyň barşynda welaýat bölüminiň meýletinçileriniň we medeniýet öýüniň sungat ussatlarynyň şeýle hem aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary guraldy.  Baýramçylyk çäräniň ahyrynda enelere we il ýaşulylaryna welaýat bölümi hem-de jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

 

24121263
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
3884
14836
365789
414784
24121263

Siziň IP: 216.73.216.150
2026-08-28

Связь с нами