Habarlar

Bilşimiz ýaly, tomus - bu dynç alyş we elbetde çagalaryň sagaldyş merkezlerine gidýän  möwsümi. Çagalar okuw ýylyny tamamlap, bu möwsümde dynç alyp, ajaýyp täsirleri özlerinde galdyryp bilerler, şeýle hem özleri üçin peýdaly we zerur maglumatlary öwrenip bilerler.

Tomus aýlarynda Türkmenistanyň  Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň işgärleri we meýletinçileri Gökderede  ýerleşýän "Altyn Damja", "Altyn Ýyldyz", "Demir Ýoly", "Nebitçi", "Beýik Serdar Nesilleri" çagalar sagaldyş merkezlerine bardylar. Aşgabat şäheriniň meýletinçileri dynç alýan çagalara şahsy arassaçylygyň esaslary, öý arassaçylygy we dogry iýmitlenmek , içege keselleriniň öňüni almak we suwda howpsuzlygy alyp barmak ýaly  gyzykly sapaklary geçirdiler. Sapaklara 420 sany çaga gatnaşdy. Mundan başga-da, meýletinçiler çagalar üçin sagdyn durmuş ýörelgesi boýunça okuw oýunlaryny we gyzykly estafeta ýaryşlaryny guradylar. Çagalar deňagramly iýmitlenmek we şahsy arassaçylyk düzgünleri baradaky bilimlerini görkezip, höwes bilen ýaryşlara gatnaşdylar. Sapaklar uly höwes bilen, açyk gepleşik we ”deňe-deň” ýörelgesi esasynda geçirildi.

Okuwlary geçirýän meýletinçiler diňe bir peýdaly maglumatlary paýlaşmak bilen çäklenmän, ýaş tomaşaçylary işjeň çekişmä çekmek, pikirlerini diňlemek we ýüze çykýan soraglara jogap bermäge çalyşdylar. Gökdere çagalar sagaldyş merkezlerinde geçirilen bu çäreleriň netijelerine esaslanyp, çagalaryň ýokary derejede gyzyklanmasy we gatnaşygy ýüze çykaryldy. Şeýle bilim çäreleri diňe bir çagalaryň bilimini baýlaşdyrman, eýsem saglyk üçin zerur endikleriň döremegine hem goşant goşýar.

 

 

 

 

 

 

15964234
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
8486
21971
314629
430988
15964234

Siziň IP: 3.144.39.186
2024-12-21