Habarlar

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hossarlyk aladalary bilen Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Döwleti ösüşlerden ösüşlere barýar. Şeýle Galkynyşly zamana arzuwlara ganat, ylhamlara joşgun berýär. Halkymyzyň bagtyýarlygyny ýurduň Garaşsyzlygynda, halkyň eşretli durmuşynda we çagalaryň şatlygynda görmek bolýar. Biz Döwlet Baştutanlarymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny, ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly amala aşyrýan ägirt uly maksatnamalary tüýs ýürekden goldaýarys.

2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň çäginde “Merkezi Aziýa ýurtlarynda ýer titremesiniň ýokary töwekgelçiligi we tebigy betbagtçylyklar bolan adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygyny üpjün etmek we olara täsir etmek üçin ýerli we milli mümkinçilikleri güýçlendirmek” taslamasy ýola goýulyp, häzirki wagtda meýilleşdirilen çäreler ýerlerde gaýragoýulmasyz, jogapkärçilikli, ýokary hilli alnyp barylýar.

Taslamanyň çäginde 2024-nji ýylyň awgust aýynyň 30-31-ne Halkara guramalar bilen geçirilmegi göz öňünde tutulan Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (UNICEF) Türkmenistandaky wekilhanasy arkaly “Adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk görmek we olaryň töwekgelçiligini azaltmak”, “Mekdepler üçin simulýasiýa treningleri geçirmek”, “Jemgyýet esasynda ilkinji lukmançylyk kömegini bermek we meýletinçiler (talyplar/okuwçylar) üçin epidemiýalara garşy göreşmek baradaky treningleri geçirmek”, şeýle-de “Bellenen sebitde howanyň üýtgemegine we tebigy betbagtçylyk töwekgelçiligine we gowşaklygyna baha bermek” boýunça Türkmenabat şäheriniň 29-njy daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen orta mekdebinde, welaýatyň Çärjew etrabynda ýerleşýän 58-nji orta mekdebinde zähmet çekýän mugallymlarynyň hem gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi. Günüň ikinji ýarymynda bolsa şeýle mazmunly çäre Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň mejlisler otagynda ýerli häkimiýet edaralarynyň, ýagny  Lebap welaýat häkimliginiň, Lebap welaýat raýat goranyş we halas ediş işleri müdirliginiň, Lebap welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy gullugynyň, Lebap welaýat Baş bilim müdirliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda dowam etdi. Okuw maslahatynda adamzat ýaşaýşynda ýüze çykyp biläýjek adatdan daşary ýagdaýlarda çagalaryň zerurlyklaryny, gender meselelerini we durmuş ýagdaýlaryny göz öňünde tutmak arkaly taýýarlykly bolmagyny gazanmak babatynda täsirli çykyşlar diňlenilip, usuly tejribeler alyşyldy. Her bir adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlykly bolmak, özüňi we töweregiňdäki adamlary, galyberse-de tebigaty howpdan goramak barada wideoroliklere tomaşa edildi. Ähli ulgamlar köpçülikleýin bolup, garşysyna göreş alyp barmaklyga çagyrýan her bir hadysada olara täsir etmek üçin ýerli we milli mümkinçiliklerimizi güýçlendirmegiň  halkymyz we geljekki neslimiz üçin juda derwaýysdygy bellenilip geçildi. Okuw maslahatynyň soňunda diňleýjilere ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerip, geçirilen okuw usuly maslahatlary, Garaşsyz Watanymyzda halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagy ugrunda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeleri ýerlerde wagyz etmek ündeldi.  

 

 

 

 

15967172
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
11424
21971
317567
430988
15967172

Siziň IP: 3.147.53.55
2024-12-21