Habarlar

3-nji dekabrda Halkara maýyplaryň güni mynasybetli Türkiýe Respublikasynyň medeniýet merkezinde baýramçylyk dabarasy geçirildi. Bu dabara Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti we Türkiýe Respublikasynyň ilçihanasy tarapyndan gurnalyp, oňa maýyp çagalar bilen bilelikde olaryň ene-atalary çagyryldy.

Çagalary we olaryň hossarlaryny mähirli garşylamak bilen jenap ilçi Torgan Oral çakylygy kabul edip, dabaranyň arzyly myhmany bolýandygy üçin olara çäksiz minnetdarlygyny bildirdi. Bu dabara çagalary ruhlandyrmak maksady bilen söhbetdeş hökmünde paraolimpiýada oýunlarynyň türgeni, sportuň suwda ýüzmek, stol tennisi, ýeňil atletika, agyr atletika bilen oturyp-turmak ýaly görnüşleriniň 4 gyzyl, 5 kümüş medallaryň eýesi Annamuhammet Orazmyradow (Eýran, Tähran, 1999; Alma-Ata, Gazagystan, 2002, Özbegistan, Taşkent, 2005, Beýik Britaniýa, Birmingem, 2006) çagyryldy.

TGÝMJ-niň işgärleri, meýletinçileri we tejribeçileri tarapyndan dabaranyň sebäpkärleri üçin täze ýyl baýramçylygy mynasybetli sosna konuslaryndan dürli oýnawaçlary ýasamak boýunça ýörite ussatlyk sapaklary gurnaldy, isleg bildiren çagalara akwagrim nusgasynda suratlar çekildi, içine iň gowy arzuwlar ýerleşdirilen dürli reňkli şarlar sowgat berildi.

TGÝMJ-niň meýletinçileri tarapyndan pianino we skripka saz gurallarynda ýerine ýetirilen sazlar çäräniň esasy bölegini düzdi. Çagalar öz gezeginde ýaňlanan aýdymdyr-sazlara goşulyp tans etdiler, dürli goşgulary ýatdan aýdyp berdiler. Ýerine ýetiren çykyşlary üçin çagalara ýaş aýratynlyklaryna görä ozaldan aksiýa esasynda alnan birnäçe oýnawaçlar sowgat berildi. Dabara şowhunly sazlar we tanslar bilen jemlenildi.

Dabaranyň soňunda ene-atalar guramaçylara özüniň minnetdarlygyny bildirdiler

15983936
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
12958
15230
334331
430988
15983936

Siziň IP: 3.146.37.242
2024-12-22