Habarlar

     2017-nji ýylyň iýul aýynda Gyrgyzstan Respublikasynyň Bişkek şäherinde Ýaş meýletinçileriň neşekeşlige garşy göreşmek barada wagyzçy wezipesini goldamak boýunça iş duşuşygy geçirildi. Duşuşyga 15-den gowrak döwletler gatnaşdy. TGÝMJ-niň goldamagynda Jemgyýetiň meýletinçiler hem bu iş duşuşygyna gatnaşdylar. Duşuşykda ýaşlary has-da höweslendirmek we olaryň wagyzçy wesipesini ýerine ýetirende dogry hereket etmekleri orta alynyp maslahatlaşyldy. Iş duşyşygyň dowamynda TGÝMJ-niň meýletinçileri ähli babatda özleriniň ýokary taýýarlyklaryny görkezip, çärelere has işjeň gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda ýaşlara neşekeşlige, neşä garşy göreşmekligiň we neşä garaşly ýagdaýa düşen adamlar bilen işlemekligiň usullary barada maslahatlar, gollanmalar berildi. Gelejekde bu soraglar boýunça wagyz-nesihat işlerini has-da uly depginde alynyp barylmalydygy nygtalyp geçildi. Çäräniň ýapylyş dabarasynda ähli gatnaşyjylara sertifikatlar berildi. TGÝMJ-niň meýletinçileri öz gezeginde, ýurdumyzda neşekeşlige garşy işleriň Döwlet derejesinde alynyp barylýandygyny belläp, bu işde özleriniň has-da erjel işlejekdiklerini ynandyrdylar.

 

 

Iyun 2026
Du Si Ca Pe An Se Ye
1 2 3 4 5 6 7
8 9 10 11 12 13 14
15 16 17 18 19 20 21
22 23 24 25 26 27 28
29 30 1 2 3 4 5
23294596
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
3320
15234
420751
454636
23294596

Siziň IP: 216.73.216.253
2026-06-28

Связь с нами