Habarlar

     Golaýda paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň sport toplumynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä diller institutynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşiniň hem-de Bagtyýarlyk etrap häkimliginiň bilelikde guramagynda Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly mynasybetli “Özgerişli ak ýollaryň röwşeni, sagdynlygyň, ruhubelentligiň gözbaşy” atly dabaraly çäre geçirildi.
   Dabarada çykyş eden halypa, tanymal tälimçiler, türgenler, sport ussatlary hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda sporty we sagdynlyk ýörelgelerini ösdürmek baradaky köpýyllyk tagallalary netijesinde jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmak, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek maksady bilen ýurdumyzyň ähli ýerinde alnyp barylýan giň möçberli işleriň ýaşlarymyzyň bagtyýar ýaşaýşyna gönükdirilendigi barada joşgun bilen gürrüň berdiler.Soňra Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplary we “Olimp” sport mekdebiniň okuwçylary sportuň dürli ugurlary boýunça bäsleşdiler.Bäsleşik dabaraly çärä gatnaşan köpsanly tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.
      Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň guramagynda Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly mynasybetli çäreleriň ýene bir Türkmenistanyň syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň Aşgabat şäherindäki Syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler zalynda bu mekdebiň we Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň mehanika-tehnologiki orta hünär mekdebiniň talyplarynyň gatnaşmagynda geçirildi.

 

Aprel 2026
Du Si Ca Pe An Se Ye
30 31 1 2 3 4 5
6 7 8 9 10 11 12
13 14 15 16 17 18 19
20 21 22 23 24 25 26
27 28 29 30 1 2 3
22376415
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
2077
14413
387554
431495
22376415

Siziň IP: 216.73.217.94
2026-04-28

Связь с нами