Habarlar

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň (TGÝMJ) meýletinçileri, aýyň dowamynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy”  biraýlygyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşdylar we Türkmenistanyň orta mekdeplerinde bilim alýan 10 936 sany çaga okadyldy.

“Türkmenistanda meýletinçiligi ösdürmek” taslamasynyň çäginde ähli meýletinçiler “Mekdep okuwçylary üçin ýol howpsuzlygynyň düzgünleri” tema  boýunça  okuwy tamamladylar. Soňra bolsa olar mekdeplerde başlangyç synp okuwçylary üçin ýol howpsuzlygy boýunça sapaklary geçirmeklige  gatnaşdylar.Meýletinçiler okuw sapaklarynyň dowamynda çagalar  bilen örän jogapkärçilikli  boldylar, gerek bolan esbaplary, materiallary ýasadylar, interaktiw oýunlary, tapmaçalary we maşklary peýdalandylar. Sapaklara jemi 124 meýletinçi gatnaşdy.1-nji sentýabrdan 30-njy sentýabr aralygynda Türkmenistanda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – örümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň   giň gerimli  geçirilendigini ýatladýarys.

15978332
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
7354
15230
328727
430988
15978332

Siziň IP: 3.140.185.250
2024-12-22