Habarlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda Döwletimiz daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek, onuň gözelligini we baýlygyny geljek nesiller üçin gorap saklamak maksady bilen, ýurduň öz çäginden çykyp, dünýä ýüzünde bitewi ekoulgamy döretmäge, ekologiýa medeniýetini ýaşlaryň aňyna ornaşdyrmaga, tebigatyň sagdyn ýaşaýşyny işjeň wagyz etmäge gönükdirilen netijeli işleri alyp barýar. Ekologiýa abadançylygyny saklamak syýasatyna ýagny, ekologiýa medeniýetine eýermeklik her bir raýat üçin zerur bolup durýar.

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde hereket edýän “Meýletinçiligi ösdürmek” taslamasynyň çäginde Milli jemgyýetiň Lebap welaýat bölüminiň işjeň meýletinçileriniň taýýarlygyny berkitmek maksady bilen 2024-nji ýylyň awgust aýynyň 26-27-ne edara jaýynyň okuw otagynda geçirilen “Ekologiýa” boýunça iki günlik okuw çäresi gönüden-göni janly tebigatymyzyň howpsuzlygyny üpjün etmeklige bagyşlandy. Okuw çäresiniň meýilnamasy “Adamzadyň global daşky gurşaw meseleleri”, “Howanyň hapalanmagy”, “Kömürturşy gaz meselesi”, “Suw gurşawynyň hapalanmagy we çölleşmä garşy göreş”, Global yssylyk we ozon gatlagyna täsir edýän maddalar” ýaly halkyň tebigat bilen sazlaşykly ýaşamagynyň esasyny düzýän tebigatymyzyň sagdynlygyny, köpdürliligini, goraglylygyny we aýawlylygyny upjün etmäge gönükdirilen meselelerden düzülendir.

Meýletinçi ýaşlaryň bedew bady bilen ösüşlere ýelken açýan Türkmenistan Döwletimiziň ekologik ýagdaýyny gorap saklamak maksady bilen, BMG-nyň tebigaty goramak babatdaky konwensiýalarynyň birnäçesine goşulandygyny buýsanç bilen belläp geçmekleri, ylaýta-da ÝUNESKO-nyň ençeme konwensiýasyny tassyklap, sebitiň esasy ugurlarynyň biri bolan ekologik howpsuzlyk nukdaýnazaryndan hem wajypdygy, şeýle-de ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, her ýylda däp bolşy ýaly köpçülikleýin bag ekmek, tokaýçylygy ösdürmek, zir-zibilleri toplap ýok etmek hakynda sorag-jogaplar alyşmasy şeýle okuw sapaklarynyň ýygy-ýygydan geçirilmegine isleg döretdi.

 

 

 

 

 

 

14965538
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
7761
18668
355992
508799
14965538

Siziň IP: 3.12.147.137
2024-10-18