Habarlar

TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň “Zehin” ýaşlar merkeziniň meýletinçileri 2024-nji ýylyň 24-nji iýulynda Daşoguz şäheriniň “Bagtyýar nesil” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde ýaş zehinler ady bilen çäre gurnadylar. Çagalar we ýetginjekler özlerinde  bar bolan zehinlerini ýagny, aýdym aýtmak, saz gurallarynda oýnamak, wakalary gürrüň bermek ýa-da özleriniň ýazan sahnalaryny oýnamak ýaly mümkinçiliklerini görkezmekligi halaýarlar. Bu döredijilik çärede aýdym-sazly çykyşlar boldy, olary milli lybaslarda ýaş aýdymçylar we tansçylar uly joşgun bilen ýerine ýetirdiler. TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölümi tarapyndan ýaş zehinlere gowşurylan sowgatlar aýratyn täsir galdyrdy.         

 

 

 

 

24150053
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
3140
14271
394579
414784
24150053

Siziň IP: 216.73.216.247
2026-08-30

Связь с нами