Habarlar

Hemişelik Bitarap döwletimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen öňe gidip, ösüş-özgerişleriň täze belentliklerine daýanýan jemgyýetimiziň asylly işleriniň esasy bölegini haýyr-sahabatlyk, hemaýatkärlik, medetkärlik, rehimdarlyk, ynsanperwerlik ýaly ýörelgeler tutýar. Ýurdumyzyň rowaçly ösüşlerini we özgertmelerini giňden wagyz edip, halkyň saglygyny goramaga gönükdirilen çärelere uly üns berilýär. “Pahim- paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Türkmenistanyň  Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetniň Mary welaýat bölümi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Mary welaýat bölümi, welaýat Saglygy goraýyş müdirligi bilen bilelikde iş meýinama esasynda  ilatyň “Inçekeseliň öňüni almak we gender deňligi” boýunça welaýatyň çäginde ýerleşýän Türkmenhimiýa Döwlet konserni Ammiak we Karbamid öndürýän zawodlar toplumynyň işgärleri we “Maryazot” önümçilik birleşigi kärhanasynda 100 sany işgärleriniň gatnaşmagynda hem-de Marynyň “Ýeňiş” tikin fabriginde  100  sany işgärleriniň gatnaşmagynda çäre geçirildi. Çäräniň esasy maksady “Saglygym-baýlygym” ady bilen gender boýunça düşünjäniň adam saglygyna ýerirýän täsiri  we  ýokanç    keselleriň öňüni almak barada ilatyň  habarlygyny ýokarlandyrmak. Türkmenistanda inçekeseliň öňüni almakda, anyklamakda we bejermekde geçirilýän işler, inçekeselli näsaglara  ruhy-durmuşy goldawyň  berilişi barada gürrüňler gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetirirmek.  Gatnaşyjylara inçekesel barada maglumat beriji kitapçalar paýlanyldy. Bu  geçirilen  çäre  gatnaşyjylara uly täsirini ýetirdi  we gyzyklanma bilen birnäçe sorag-jogap alşyldy. 

 

 

15964048
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
8300
21971
314443
430988
15964048

Siziň IP: 3.129.70.11
2024-12-21