Habarlar

Çärjew etrap häkimliginiň mejlisler zalynda TGÝMJ-niň Lebap welaýat bölüminiň, welaýat raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň we onuň etrapdaky bölüminiň guramagynda maslahat geçirildi.
Oňa etrabyň daýhan birleşikleriniň hünärmenleri gatnaşdylar. Onda ýüze çykmagy ähtimal adatdan daşary ýagdaýlar, olaryň öňüni alyş çäreleri, ýüze çykan ýagdaýynda edilmeli işler barada giňişleýin durup geçirildi. Aýratyn hem, ýangynlaryň, şol sanda tebigy ýangynlaryň döremeginiň öňüni almak üçin geçirilmeli çäreler, ýer titremesi,suw joşmasy ýaly tebigy hadysalar ýüz çykanda, ýangyn dörände, her bir edilmeli işler barada gürrüň edildi.
Sagdyn durmuş ýörelgeleri, olary ilatyň arasynda wagyz etmek we ornaşdyrmak barada hem ýörite çykyşlar diňlenildi.

 

25205035
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
10088
26052
435265
595677
25205035

Siziň IP: 216.73.216.69
2026-10-20

Связь с нами