Habarlar

Türkiýe we Siriýa döwletlerinde tebigatyň garaşylmadyk apaty — güýçli ýer titremesi bolup geçdi. Häzirki wagtda ýykylan, weýran bolan binalaryň astynda galanlary halas etmek üçin dünýäniň onlarça ýurdy bu döwletlere hemaýat goluny uzadýar.
Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan hem derman, saglygy goraýyş maksatly serişdelerden we dokma önümlerinden ybarat ynsanperwerlik ýüküni dostlukly Türkiýäniň halkyna ugratdy. Şeýle-de Türkmenistandan Türkiýä halas ediş topary we lukmanlar ugradyldy, olar häzirki wagtda ejir çekenlere kömek berýän kärdeşlerine doganlyk goldawyny berýärler.
Türkmenistanyň Hökümetiniň ugradan kömeginden başga-da, Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti hem Türkiýe we Siriýa döwletlerine ynsanperwer ýüküni ugradar.
Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýeti ynsanperwerlik ýüküniň doganlyk döwlete iberilmegini we mätäç adamlara paýlanmagyny üpjün etmek babatda tejribeli hünärmenler bilen ýakyndan iş alyp barýar.
1926-njy ýylda döredilen Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýeti ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik, hoşniýetlilik ýörelgelerinden gelip çykýan asylly işleri ýurdumyzyň welaýat, şäher we etrap şahamçalarynyň üsti bilen amala aşyrýar.

 

Fewral 2026
Du Si Ca Pe An Se Ye
26 27 28 29 30 31 1
2 3 4 5 6 7 8
9 10 11 12 13 14 15
16 17 18 19 20 21 22
23 24 25 26 27 28 1
21489478
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
16387
14598
344070
605503
21489478

Siziň IP: 216.73.216.0
2026-02-23

Связь с нами