Esasy mazmuna geç

TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň meýletinçileri üçin “Adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk — döwrüň möhüm wezipeleriň biri” atly okuw çäresi geçirildi.

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti hem-de BMG-niň Çagalar gaznasy (UNICEF) tarapyndan bilelikde amala aşyrylýan “Ýer titremäniň we tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligi ýokary bolan Merkezi Aziýa ýurtlarynda…

TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň meýletinçileri üçin “Adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk — döwrüň möhüm wezipeleriň biri” atly okuw çäresi geçirildi.

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti hem-de BMG-niň Çagalar gaznasy (UNICEF) tarapyndan bilelikde amala aşyrylýan “Ýer titremäniň we tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligi ýokary bolan Merkezi Aziýa ýurtlarynda adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygy üpjün etmek we olara jogap bermek boýunça ýerli we milli mümkinçilikleri” atly taslamanyň iş meýilnamasyna laýyklykda, ýurdumyzda degişli okuw çäreleri dowam etdirilýär. Taslamanyň çäginde TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň meýletinçileriniň gatnaşmagynda milli konsultantlar tarapyndan okuw sapagy geçirildi. Okuw çäresinde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak, tebigy betbagtçylyklara taýýarlygy kämilleşdirmek, şeýle hem ýerine ýetirilmeli hereketleriň tertibi barada giňişleýin maglumatlar berildi. Şeýle çäreler meýletinçileriň bilim we başarnyklaryny artdyrmaga, jemgyýetde howpsuzlyk medeniýetini ösdürmäge hem-de ilatyň adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmaga hyzmat edýär.

Beýleki habarlar