Esasy mazmuna geç

Aşgabatda halkara bilermenleriň gatnaşmagynda adatdan daşary ýagdaýlara garşy hereket etmegiň Milli ätiýaçlyk meýilnamasy işlenip düzülýär

Aşgabatda halkara bilermenleriň gatnaşmagynda adatdan daşary ýagdaýlara garşy hereket etmegiň Milli ätiýaçlyk meýilnamasy işlenip düzülýär

Aşgabat, 20-nji noýabr. 2026-njy ýylyň 16–20-nji noýabry aralygynda Türkmenistanyň paýtagtynda Merkezi edaranyň binasynda birnäçe töwekgelçilikler bilen baglanyşykly adatdan daşary ýagdaýlarda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň (TGÝMJ) Milli ätiýaçlyk meýilnamasyny işläp düzmek boýunça bäş günlük iş maslahaty geçirilýär. Çäre Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara federasiýasynyň (GHweGÝJHF), Türkmenistanyň Hökümetiniň we TGÝMJ-niň arasyndaky 2026–2028-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk meýilnamasyna laýyklykda guraldy. Maslahat Ýewropa Komissiýasynyň Ynsanperwer kömek we raýat goragy departamentiniň (ECHO) maliýe goldawy, şeýle hem GHweGÝJHF-niň we Kanadanyň Gyzyl Haç jemgyýetiniň ýardam bermegi bilen «Merkezi Aziýada netijeli hereket etmek üçin tebigy betbagtçylyklara we krizis ýagdaýlaryna taýýarlygy üpjün etmek babatda institusional mümkinçilikleri berkitmek» atly HIP taslamasynyň (Ynsanperwer işleri durmuşa geçirmegiň meýilnamasy) çäklerinde geçirilýär. Okuw maslahatynda öňdebaryjy ugurdaş hünärmenler tälimçi hökmünde çykyş edýärler:Nurlan Jumaliýew — GHweGÝJHF-niň Merkezi Aziýa boýunça ýurt klaster wekiliýetiniň maksatnamalar menejeri;Alfiýa Sorokina — tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini dolandyrmak (DRM), adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk we halkara hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça uly geňeşçi (Kanadanyň Gyzyl Haç jemgyýeti);Amangeldi Gapbarow — GHweGÝJHF-niň Türkmenistandaky ýurt edarasynyň maksatnamalar utgaşdyryjysy / aragatnaşyklar boýunça işgäri. Maslahatyň işine TGÝMJ-niň merkezi edarasynyň we welaýat bölümleriniň işgärleri, şeýle hem Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Raýat goranyşy we halas ediş işleri baş müdirliginiň (RG we ADÝ) wekilleri gatnaşýarlar. Bilelikdäki iş ýüze çykýan täze şertler we adatdan daşary ýagdaýlar bilen baglylykda tebigy ýa-da tehnogen howplar dörände ynsanperwer guramanyň we döwlet gulluklarynyň hereketlerini utgaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Iş topary sazlaşyklylygy üpjün etmek we bar bolan binýadyň esasynda ösdürmek maksady bilen, adatdan daşary ýagdaýlarda hereket etmegiň hereket edýän meýilnamalaryny, standart operasion amallaryny we jogap beriş düzümlerini öwrenýär. TGÝMJ tarapyndan adatdan daşary ýagdaýlara jogap beriş düzümini, meýilnamany işjeňleşdirmegiň ölçeglerini we Milli jemgyýetiň taýýarlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny gözden geçirmek hem-de tassyklamak üçin adatdan daşary ýagdaýlarda hereket etmegiň meýilnamasynyň taslamasyny taýýarlamak. Amaly sessiýalaryň dowamynda gatnaşyjylar ýurt we sebitler üçin mahsus bolan töwekgelçiliklere baha berýärler, ynsanperwer kömegi gyssagly ýaýbaňlandyrmagyň ssenariýalaryny modelirleýärler hem-de kömekçi gurama hökmünde döwlet düzümleri, şol sanda Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketiniň hem-de halkara bileleşiginiň hyzmatdaşlary bilen özara hereket etmegiň anyk algoritmlerini kemala getirýärler. Bäş günlük işiň jemleri boýunça TGÝMJ-niň Milli ätiýaçlyk meýilnamasynyň taslamasy taýýarlanar. Ol Jemgyýetiň krizis ýagdaýlaryna netijeli jogap bermäge taýýarlygyny ýokarlandyrar we ynsanperwer ulgamda döwletiň ygtybarly kömekçi hyzmatdaşy hökmünde onuň mümkinçiliklerini pugtalandyrar.

Beýleki habarlar