“Alada” Merkeziň meýletinçileri çagalara arassaçylyk kadalaryny öwredýärler
2025-nji ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Balkan welaýat bölüminiň “Alada” Ýaşlar Merkeziniň meýletinçileri Balkanabat şäheriniň başlangyç synp okuwçylary üçin “Arassaçylyk we saglyk”…

2025-nji ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Balkan welaýat bölüminiň “Alada” Ýaşlar Merkeziniň meýletinçileri Balkanabat şäheriniň başlangyç synp okuwçylary üçin “Arassaçylyk we saglyk” atly okuw sapaklarynyň toplumyny geçirdiler.
Çäreleriň maksady çagalaryň şahsy arassaçylyk endiklerini ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak we jemgyýetde arassaçylyk medeniýetini ýokarlandyrmakdan ybarat boldy.
Meýletinçiler okuwlaryň dowamynda şahsy arassaçylygyň, öýde we mekdepde arassalygy saklamagyň ähmiýeti barada gürrüň berdiler. Şeýle hem elleri dogry ýuwmagyň, dişleri arassalamagyň usullaryny görkezdiler, gyzykly oýunlar we ýaryşlar gurnadylar.
Çagalar sapaklara uly höwes bilen gatnaşyp, öz pikirlerini paýlaşdylar we täze bilimleri uly şatlyk bilen kabul etdiler.
Geçirilen okuwlar arkaly çagalar “Arassaçylyk saglygyň binýadydyr” diýen düşünjäni has doly kabul etdiler hem-de öz saglygyna, şeýle hem daş-töweregine ideg etmegiň möhümdigine göz ýetirdiler.
“Alada” Ýaşlar Merkezi çagalaryň sagdyn endiklerini kemala getirmäge we arassaçylyk medeniýetini berkitmäge gönükdirilen bilim beriş maksatnamalaryny üstünlikli dowam etdirýär.



Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…

