„Ýol howpsuzlygy-ömrümiziñ rahatlygy“
1-nji sentýabrda biziň ýurdumyzda „Ýol howpsuzlygy-ömrüniñ rahatlygy“ aýy başlandy. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýeti her ýyl ilatyň dürli gatlaklarynyň arasynda ýol howpsuzlygy boýunça dürli çäreleri…

1-nji sentýabrda biziň ýurdumyzda „Ýol howpsuzlygy-ömrüniñ rahatlygy“ aýy başlandy. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýeti her ýyl ilatyň dürli gatlaklarynyň arasynda ýol howpsuzlygy boýunça dürli çäreleri geçirýär. Harby ýol polisiýasy bilen bilelikde Balkanabat şäheriniň harby artilleriýa bölüminde maglumat beriş köpçülekleỳin çäresi gurnaldy. Çärä hökmany harby gullugy geçýänler we serkerdeler gatnaşdy. Mundan başga-da, ýol howpsuzlygy, ýol hadysalary ýüze çykan halatynda ilkinji kömek, adatdan daşary ýagdaýlarda özüňi alyp barmagyň kadalary, şahsy arassaçylyk, halkara ynsanperwer hukugy barada aỳdyp geçildi. Çäräniň ahyrynda maglumat beriş materiallary paýlandy: kitapçalar, plakatlar we başga görkezme esbaplary.




Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…

