TGÝMJ-i Katar we Russiýa bilen Ähtnamalara gol çekdi
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýeti (TGÝMJ) Katar Gyzyl Ýarymaý jemgyýeti we Russiýanyň Gyzyl Haç topary bilen düşünişmek hakynda Ähtnamalara gol çekdi. Bu resminamalara GDA ýurtlarynyň Gyzyl Haç we Gyzyl…

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýeti (TGÝMJ) Katar Gyzyl Ýarymaý jemgyýeti we Russiýanyň Gyzyl Haç topary bilen düşünişmek hakynda Ähtnamalara gol çekdi. Bu resminamalara GDA ýurtlarynyň Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetleriniň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem Halkara Gyzyl Haç we Halkara Gyzyl Ýarymaý komitetleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda Aşgabatda geçirilen iki günlük maslahatynda gol çekildi.
Katar Gyzyl Ýarymaýy jemgyýetiniň orunbasary Ebrahim Haşim Al-Sada bu ylalaşygyň Ýakyn Gündogar we beýleki sebitleriň tejribesini ulanmak arkaly meýletinçilik ugrunda hyzmatdaşlygy ösdürmäge mümkinçilik berjekdigini aýtdy.
Russiýanyň Gyzyl Haç jemgyýetiniň başlygy Pawel Sawçuk gol çekilen Ähtanamanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşine goşmaça itergi berjekdigini we göçme nokatlarynda işlemek üçin türkmen hünärmenlerini taýýarlamaga taýýardygyny aýtdy.
Iki günlük maslahatyň dowamynda, adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak, halkara ynsanperwer hukuklary, meýletinçileri çekmek we jemgyýet kanunçylygy ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Çäre Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 30 ýyllyk dabarasynyň öňýanynda we Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäginde geçirildi, bu bolsa gazanylan ylalaşyklaryň ähmiýetini has-da ýokarlandyrdy.


Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
