“Ynsanperwer ýörelgesi- ruhy goldawyň ýoly”
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Balkan welaýat bölüminiň Türkmenbaşy etrap şahamçasynyň we işjeň meýletinçileriniň gurnamagynda Türkmenbaşy etrabynyň Belek şäherçesiniň 4-nji orta mekdebinde…

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Balkan welaýat bölüminiň Türkmenbaşy etrap şahamçasynyň we işjeň meýletinçileriniň gurnamagynda Türkmenbaşy etrabynyň Belek şäherçesiniň 4-nji orta mekdebinde okuwçylarynyň we mugallymlaryň arasynda Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň alyp barýan işleri barada wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Wagyz-nesihat çäresiniň dowamynda Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň ynsanperwer hereketleriniň ýedi ýörelgesi, ýerine ýetirýän işleri barada giňişleýin aýdyp geçdiler. Olar adatdan daşary ýagdaýlarda, lukmandan deslapky ilkinji kömek bermegiň endiklerini owrenmek, ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak maksatly alnyp barylýan işleri barada giňişleýin aýdyp berdiler. Ilatyň kömege mätäç topary üçin jemgyýetiň ynsanperwerlik işine goşýan goşantlaryna meýletinçileriň okamaga, işlemäge, döretmäge höweslerini artdyrýar diýip meýletinçiler uly buýsanç bilen aýtdylar.
TGÝMJ-niň Balkan welaýat bölüminiň Türkmenbaşy etrap
şahamçasynyň wekili G.Begmämmedowa


Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…

