Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň wekilleri hormatly sylaga mynasyp boldy
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Başlygy Açilowa Maral Almazowna hem-de Daşoguz welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň wekili Saparow Ýagşygeldi Soltanmyradowiç ýurdumyzyň medeni we ruhy mirasyny wagyz etmekde…
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Başlygy Açilowa Maral Almazowna hem-de Daşoguz welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň wekili Saparow Ýagşygeldi Soltanmyradowiç ýurdumyzyň medeni we ruhy mirasyny wagyz etmekde hem-de jemgyýetçilik işlerinde gazanan hyzmatlary üçin "Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna" atly ýubileý medaly bilen sylaglandylar. Bu ýokary sylag, türkmen halkynyň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň mirasynyň dünýä derejesinde wagyz edilmegine goşan şahsy goşandynyň ykrar edilmeginiň nyşany bolup durýar. Sylaglanan wekiller Türkmenistanyň Prezidentine çuňňur hoşallyk bildirdiler. Olar ýerine ýetiren işleriniň we gazanan üstünlikleriniň geljekde has hem ýokary sepgitlere ýetmegine bolan hyjuwyny nygtap, öňde goýlan jogapkärli wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak üçin ähli tagallalary etjekdiklerini bellediler. Türkmen halkynyň medeni mirasyny hem-de ynsanperwer gymmatlyklaryny dabaralandyrmakda aýratyn tapawutlanan şahsyýetleriň sylaglanmagy, olaryň geljekki işlerine ruhlandyryjy täsir edýär. Bu çäre döwletimiziň her bir raýatynyň yhlasly we döredijilikli zähmetine belent baha berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Sylaglanan şahsyýetleriň indiki nesillere görelde bolup, jemgyýetçilik işlerinde we ynsanperwerlik başlangyçlarynda uly üstünliklere ýetmegini arzuw edýäris.
Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
