Ylhama bagyşlan şadiwan
Golaýda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti tarapyndan hormatly Prezidentimiziň “Çaý – melhem hem ylham” atly kitabyna bagyşlanan wagyz-nesihat çäresi geçirildi. TGYMJ-niň işgärleriniň arasynda geçirilen dabara…
Golaýda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti tarapyndan hormatly Prezidentimiziň “Çaý – melhem hem ylham” atly kitabyna bagyşlanan wagyz-nesihat çäresi geçirildi. TGYMJ-niň işgärleriniň arasynda geçirilen dabara Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň işjeň agzalary, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk hem-de Abadan etrabyndan ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdylar we çykyş etdiler. Çykyşlarda milli Liderimiziň täze kitabyna bolan buýsanç beýan edildi. Lezzetli gök çaýa bagyşlanan kitapda getirilen rowaýatlardan söz açyldy. Gök çaý, myhmansöýerlik barada il arasynda ata-babalarymyzyň döreden nakyllarynyň kitapda juda ýerlikli ulanylandygy barada durlup geçdi. Oz halkyňyz abadan durmuşy, maddy üpjünçiligi şeýle-de ruhy taýdan galkynyşly bolmagy barada alada edýan, milli baýramlarymyz mynasybetli ylham joşgundan dörän eserlerini il-ulsumyza bagyşlaýan hormatly Prezidentimize alkyş sözleri çykyşlaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi.
Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
