Esasy mazmuna geç

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti “Adatdan daşary ýagdaýlaryň töwekgelçiligini peseltmek: bileleşikleriň durnuklylygyny döretmek, ýangyn howpsuzlygyny tiz duýmak” taslamanyň utgaşdyryjysy wezipesine bäsleşik yglan edýär.

Dalaşgäriň maglumatlary şeýle talaplara laýyk gelmelidir:

Dalaşgäriň maglumatlary şeýle talaplara laýyk gelmelidir:

  • Ýokary bilimli bolmaly;

  • Bellenilen ugur boýunça azyndan 3 ýyl iş tejribesi bolmaly;

  • Dilden hem ýazmaça türkmen we rus dillerini bilmelidir;

  • Iňlis dilini hem bilse, bu onuň artykmaçlygydyr;

  • Kompýutere ussatlarça erk edip bilýän bolmaly; Word, Eksel, Internet;

  • Iş saparlaryna gitmäge bökdençlik bolmaly däl.

Ýokarda görkezilen şertleriň talaplaryndan başga-da dalaşgärlerde adamkärçiligiň iň gowy sypatlary bolmalydyr hem-de ol işdeş ýoldaşlary bilen sylaşykly, hoşniýetli gatnaşyk saklap bilýän adam bolmalydyr.

Bu bildiriş bilen gyzyklanýan adamlar özleriniň şahsy anketalaryny şu salgy boýunça iberip bilerler: köç. 2022, 116/1, habarlaşmak üçin telefon: 93-11-19 işgärler bölümi.

Resminamalar 2016-njy ýylyň 26-njy martyna (17:00) çenli kabul edilýär.

Beýleki habarlar