Ýaşulularymyz üçin baýramçylyk çykyşy
Türkmenabatdaky Garrylar we maýyplar üçin sosial hyzmatlar bölüminde Gaýrat ýaşlar merkeziniň meýletinçileri Täze ýyl 2026-njy ýyl mynasybetli ýaşulular üçin çykyş etdi. Ol ýerdäki ene-atalar ýaşlyklaryny ýada…
Türkmenabatdaky Garrylar we maýyplar üçin sosial hyzmatlar bölüminde Gaýrat ýaşlar merkeziniň meýletinçileri Täze ýyl 2026-njy ýyl mynasybetli ýaşulular üçin çykyş etdi. Ol ýerdäki ene-atalar ýaşlyklaryny ýada salandyklary üçin bu çärä işjeň gatnaşdylar. Meýletinçiler türkmenleriň Kuşdepdi tansy, gürji tansy, türk halaýy, kawkazly Lezginka we özbek lazgi ýaly tanslary hödürlediler. Şeýle hem, “Filmi öz sazy bilen çaklaň” we başga-da köp sorag. Gatnaşanlaryň hemmesi kanagatlandy we ahyrynda garrylara süýji tortlar we iň esasysy mandarin görnüşinde Täze ýyl ruhy berildi. Çykyşlaryň ahyrynda ähli garry adamlar ýaşlyk aýdymlaryna tans etdiler. Meýletinçiler pansionata ýygy-ýygydan gelip, ýalňyzlyk duýmazlygy üçin ene-atalaryna baryp görmegi wada berdiler.
Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
