Berkarar döwletde - ýurdum abadan!
Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir günümiz şanly baýramlara beslenýär. Çünki, biziň ýurdumyz arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdudyr. Bu günki gün türkmen halkynyň Milli Lideri,…


Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir günümiz şanly baýramlara beslenýär. Çünki, biziň ýurdumyz arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdudyr. Bu günki gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda her ýyly döwrebap atlandyrmak we ýylyň nyşanyny döretmek asylly däbe öwrüldi. 2026-njy, ýagny bedew ýylyny döwrebap atlandyrmak boýunça gelip gowşan teklipleri nazara alyp «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýip yglan edildi.
2026-njy ýyl ýurdumyz üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Bu ýylda eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny baýram eder. Türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhynda hem-de özbaşdak ösüş ýolunda bedew atlarymyz milletimiziň ynamdar we ygtybarly ýoldaşy hökmünde aýratyn orun tutýar. Köp asyrlaryň dowamynda özüne mahsus bolan güýç-kuwwaty, ýyndamlygy, gözelligi we akyllylygy bilen tapawutlanýan ahalteke bedewi bu gün Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň bezegi, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ösüşleriniň nyşany bolup durýar. Watanymyzy ösüşleriň ýollary bilen ynamly öňe alyp barýan, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.
Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…

