Ýaşlar üçin sagdyn durmuş ýörelgeleri boýunça okuwlary geçirildi.
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň “Türkmenistanda meýletinçiligi ösdürmek” taslamasynyň çäginde, 2026-njy ýylyň aprel aýynyň 21–24-i aralygynda Lebap welaýatynda tejribe alyşmak maksady bilen, iş sapary…

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň “Türkmenistanda meýletinçiligi ösdürmek” taslamasynyň çäginde, 2026-njy ýylyň aprel aýynyň 21–24-i aralygynda Lebap welaýatynda tejribe alyşmak maksady bilen, iş sapary guraldy. Taslamanyň utgaşdyryjysy tarapyndan geçirilen bu duşuşygyň esasy maksady ýaş meýletinçileriň bilimini ýokarlandyrmakdan we olaryň jemgyýetçilik işjeňligini güýçlendirmekden ybarat boldy. Saparyň dowamynda TGÝMJ-niň Lebap welaýatynyň Kerki we Köýtendag etraplarynyň ýaşlar merkezleriniň meýletinçileri üçin “Sagdyn durmuş ýörelgeleri” mowzugy boýunça okuw sapaklary geçirildi. Okuwlaryň dowamynda gatnaşyjylara arassaçylyk düzgünleriniň ähmiýeti, şahsy arassaçylygyň kadalary, gazly we reňkli içgileriň adam organizmine ýetirýän zyýany hem-de olaryň öňüni alyş çäreleri barada giňişleýin maglumat berildi. Mundan başga-da, bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanmagyň saglygy berkitmekdäki ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Okuw sapaklary diňe bir nazary maglumatlar bilen çäklenmän, eýsem dürli interaktiw oýunlaryň we toparlaýyn çäreleriň üsti bilen has täsirli we gyzykly görnüşde alnyp baryldy. Şeýle çäreler ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde, olaryň durmuş taýdan işjeňligini artdyrmakda hem-de jemgyýetde oňyn garaýyşlary kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýedir.




Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…

