Üns-alada we baýramçylyk şatlygy Lebap welaýatynyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň meýletinçileri ýaşulylar bilen duşuşyk geçirdiler.
TÜRKMENABAT. 1-nji oktýabrda — Halkara ýaşulylar güni mynasybetli Türkmenabat şäherindäki Gartaşan adamlara we maýyplygy bolan adamlara hyzmat edýän edarasynda baýramçylyk çäresi geçirildi. Bu dabarada Türkmenistanyň…

TÜRKMENABAT. 1-nji oktýabrda — Halkara ýaşulylar güni mynasybetli Türkmenabat şäherindäki Gartaşan adamlara we maýyplygy bolan adamlara hyzmat edýän edarasynda baýramçylyk çäresi geçirildi. Bu dabarada Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat şahamçasynyň «Gaýrat» ýaşlar merkeziniň meýletinçileri merkezdäki ýaşulylaryň göwnüni götermek üçin öz taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary bilen çykyş etdiler. Ata-babalarymyzyň ýaşulylara hormat goýmak baradaky haýyrly däplerine eýerilip geçirilen bu çäre örän şadyýan we mähirli ýagdaýda geçirildi. Ýaşulylar ýaşlyk ýyllaryny ýatlap, dabaraly çykyşlara uly höwes bilen gatnaşdylar hem-dе ýaş meýletinçilere mähirli el çapyşmalary bilen minnetdarlyk bildirdiler. Dabaranyň ahyrynda uly nesliň wekilleri ýaşlaryň joşgunly aýdymlaryna goşulyp, meýletinçiler bilen bilelikde şowhunly ýagdaýda göwünlerini göterip, dabaranyň şatlygyny paýlaşdylar.Maksatnama tamamlanandan soň, merkezdäki ýaşulylara lezzetli süýjülikler we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. «Gaýrat» ýaşlar merkeziniň meýletinçileri ýaşulylar bilen hoşlaşanlarynda, bu merkeze ýygy-ýygydan gelip durjakdyklaryna söz berdiler.



Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
