Nesilleriň arasyndaky baglanyşyk
Şu gün, ýagny 1-nji oktýabrda, paýhasy, tejribäni we mähirliligi şöhratlandyrýan Halkara ýaşulular güni bellenilip geçilýär. Bu sene mynasybetli, Türkmenistanyñ Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Balkan welaýat bölüminiň…

Şu gün, ýagny 1-nji oktýabrda, paýhasy, tejribäni we mähirliligi şöhratlandyrýan Halkara ýaşulular güni bellenilip geçilýär. Bu sene mynasybetli, Türkmenistanyñ Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Balkan welaýat bölüminiň Türkmenbaşy şäherindäki işgärleri we meýletinçileri tarapyndan şäherdäki "Saher" kafesinde ýaşulular üçin "Nesilleriň arasyndaky baglanyşyk" atly dabaraly çäre gurnaldy. Dabaranyň taýýarlanmagyna ýaşulular we maýyplygy bolan adamlar üçin niýetlenen ýerli sosial hyzmat merkeziniň işgärleri, şeýle-de Türkmenbaşy nebiti gaýtadan işleýän toplumynyň Medeniýet we sport köşgüniň işgärleri ýardam berdiler. Çärede dürli bäsleşikler geçirilip, soňunda gatnaşanlara sowgatlar gowşuryldy. Onda saz-söhbetler ýaňlanyp, ýürekden çykýan hoşniýetli arzuwlar beýan edildi. Çärä gatnaşanlaryň ählisi hoşal boldular we bu senäni bellemek mümkinçiligini döredendikleri üçin Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň meýletinçilerine hem-de işgärlerine özleriniň çyn ýürekden hoşallygyny bildirdiler.



Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…

