Tomus günlerinde çagalaryň howpsuzlygy ugrunda Daşoguz welaýatynda geçirilýän çäreler
TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmenleri tomus möwsüminiň dowam edýän günlerinde Daşoguz welaýatynyň «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalar bilen möhüm wagyz-nesihat…

TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmenleri tomus möwsüminiň dowam edýän günlerinde Daşoguz welaýatynyň «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalar bilen möhüm wagyz-nesihat çärelerini geçirdiler. Bu çäreleriň esasy maksady – howanyň üýtgemegi sebäpli howanyň aşa gyzýan döwründe çagalaryň saglygyny goramak, olaryň howpsuzlygyny üpjün etmek boldy. Welaýat bölüminiň hünärmenleri çagalary günden goranyş usullary bilen tanyşdyrdylar: ýokary derejede gyzgynlykda köpräk arassa suw içmegiň, sowugyrak suwa düşmegiň, el-ýüzuñ ýuwmagyň peýdalary, öýden daşary çykanda hökmany suratda günden gorar ýaly kellelerine ýaglyk ýa-da yazda geýilýan papak geýmegiň we saýawan götermegiň zerurdygy çagalara düşündirildi. Çagalaryň gyzyklanma bilen diňlän bu wagyz-nesihat sapaklary olaryň gündelik durmuş endiklerine uly täsirini ýetirdi. Şeýle çäreleriň yzygiderli geçirilmegi bolsa geljekde ýaş nesliň sagdyn we habarly ösmegine öz goşandyny goşýar.


Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
