Daşoguz welaýatynda “Çagalaryň saglygyny goramak – esasy maksat” atly çäreler geçirildi
TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň tejribeli hünärmenleri tomusky dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalar bilen aýratyn manyly duşuşyk geçirdiler. Duşuşygyň çäginde “Lukmandan deslapky ilkinji kömek bermek” barada okuw…

TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň tejribeli hünärmenleri tomusky dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalar bilen aýratyn manyly duşuşyk geçirdiler. Duşuşygyň çäginde “Lukmandan deslapky ilkinji kömek bermek” barada okuw sapagy guraldy. Okuw sapagynda çagalara dürli adatdan daşary ýagdaýlarda nädip hereket etmeli, ejir çeken adama nähili ilkinji kömek bermelidigi dogrusynda giňişleýin düşündiriş berildi. Tejribe böleginde bolsa, çagalar özleriniň öwrenen bilimlerini we başarnyklaryny görkezip, ilkinji kömegi ýerlikli we dogry bermegiň usullaryny synag etdiler. Bu görnüşli okuwlar diňe bir çagalaryň düşünjesini ösdürmek bilen çäklenmän, eýsem olaryň durmuşda ýüze çykyp biljek kynçylyklaryň öňünde güýçli, ynamynyň berk bolmagyna hem ýardam berýär. Şeýle çäreleriň üsti bilen körpelerimiziň saglygyny goramak, olaryň howpsuzlygyny üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan işler dowam etdirilýär.


Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
