TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň “Bagtyýar nesil” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde geçiren wagyz-nesihat çäresi
Daşoguz welaýatynyň “Bagtyýar nesil” atly döwrebap çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi çagalaryň dynç alyş günlerini şadyýan geçirmekleri üçin ýokary derejede hyzmat edýär. Bu ýerde ýaş nesliň dynç almak bilen bir…
Daşoguz welaýatynyň “Bagtyýar nesil” atly döwrebap çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi çagalaryň dynç alyş günlerini şadyýan geçirmekleri üçin ýokary derejede hyzmat edýär. Bu ýerde ýaş nesliň dynç almak bilen bir hatarda dürli gurnaklara gatnamaklary, sport bilen meşgullanmaklary we wagtlaryny manyly hem-de täsirli geçirmekleri üçin ähli zerur şertler döredilen. TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmenleri 2024-nji ýylyň 20-nji iýunynda çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda Daşoguz welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň wekilleri bilen bilelikde amaly okuw türgenleşigi geçirildi. Çagalar aýyň dowamynda adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykan ýagdaýynda ewakuasiýa endiklerini kämilleşdirdiler. Çagalar hadysalar ýüze çykan ýagdaýlaryna has golaýlaşdyrylan şertlere taýýarlyk gördüler. Şeýle türgenleşikler tebigy betbagtçyklaryň zyýanyny azaltmak bilen çäklenmän eýsem, çagalaryň adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykan wagtynda we ondan soňra özüňi alyp barmagyň düzgünlerine taýýarlaýar. Çagalar toparlarda agyzbirlikde adatdan daşary ýagdaýlara tiz duýmak we olara başarnykly täsir etmekligi öwrendiler.
Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
