"Altyn Ýyldyz’’ atly döwrebap çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi
Häzirki sapaly tomus paslynyň dowam edýän ajaýyp günlerinde eziz Diýarymyzda nurana geljegimiziň eýeleri bolan ösüp barýan bagtyýar ýaş nesillerimiziň tomusky dynç alyş möwsümi gyzgalaňly dowam edip,ol…
Häzirki sapaly tomus paslynyň dowam edýän ajaýyp günlerinde eziz Diýarymyzda nurana geljegimiziň eýeleri bolan ösüp barýan bagtyýar ýaş nesillerimiziň tomusky dynç alyş möwsümi gyzgalaňly dowam edip,ol şatlyk-şowhuna,ýatdan çykmajak ýakymly pursatlara beslenýär.
Ýaş nesilleri tomsuň ilkinji günlerinde ýurdumyzyň dürl künjeklerindäki köp sanly çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleri giňden gujak açyp garşylady.Ol ýerlerde dynç alyp,saglygyny berkidýän bagtyýar çagalaryň her gününiň manyly we gyzykly geçmegi üçin ähli şertler döredilendir. Aşgabat şäheriniň ‘’Altyn Ýyldyz’’ atly döwrebap çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi çagalaryň dynç alyş günlerini şadyýan geçirmekleri üçin ýokary derejede hyzmat edýär. TGÝMJ-niň hünärmenleri 2024-nji ýylyň 2-nji iýulynda çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda,adatdan daşary ýagdaýlarda özüni alyp barmagyň düzgünleri,sagdyn iýmitlenmek,arassyçylyk düzgünleri,internet maglumatlaryny dogry ulanmak ýaly mowzuklardan wagyz-nesihat işleri geçirildi.
Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
