“Saglygym-Baýlygym”
Hemişelik Bitarap döwletimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen öňe gidip, ösüş-özgerişleriň täze belentliklerine daýanýan jemgyýetimiziň asylly işleriniň esasy bölegini…
Hemişelik Bitarap döwletimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen öňe gidip, ösüş-özgerişleriň täze belentliklerine daýanýan jemgyýetimiziň asylly işleriniň esasy bölegini haýyr-sahabatlyk, hemaýatkärlik, medetkärlik, rehimdarlyk, ynsanperwerlik ýaly ýörelgeler tutýar. Ýurdumyzyň rowaçly ösüşlerini we özgertmelerini giňden wagyz edip, halkyň saglygyny goramaga gönükdirilen çärelere uly üns berilýär. “Pahim- paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetniň Mary welaýat bölümi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Mary welaýat bölümi, welaýat Saglygy goraýyş müdirligi bilen bilelikde iş meýinama esasynda ilatyň “Inçekeseliň öňüni almak we gender deňligi” boýunça welaýatyň çäginde ýerleşýän Türkmenhimiýa Döwlet konserni Ammiak we Karbamid öndürýän zawodlar toplumynyň işgärleri we “Maryazot” önümçilik birleşigi kärhanasynda 100 sany işgärleriniň gatnaşmagynda hem-de Marynyň “Ýeňiş” tikin fabriginde 100 sany işgärleriniň gatnaşmagynda çäre geçirildi. Çäräniň esasy maksady “Saglygym-baýlygym” ady bilen gender boýunça düşünjäniň adam saglygyna ýerirýän täsiri we ýokanç keselleriň öňüni almak barada ilatyň habarlygyny ýokarlandyrmak. Türkmenistanda inçekeseliň öňüni almakda, anyklamakda we bejermekde geçirilýän işler, inçekeselli näsaglara ruhy-durmuşy goldawyň berilişi barada gürrüňler gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetirirmek. Gatnaşyjylara inçekesel barada maglumat beriji kitapçalar paýlanyldy. Bu geçirilen çäre gatnaşyjylara uly täsirini ýetirdi we gyzyklanma bilen birnäçe sorag-jogap alşyldy.
Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
