Il saglygy-Ýurt baýlygy!
Gender boýunça düşünjäniň ynsan saglygyna ýetirýän täsiri we inçekeseliň öňüni almak barada ilatyň habarlylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň,…
Gender boýunça düşünjäniň ynsan saglygyna ýetirýän täsiri we inçekeseliň öňüni almak barada ilatyň habarlylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň bilelikdäki “Inçekeseliň öňüni almak we gender deňligi” boýunça geçiriljek çäreleriň iş meýilnamasyna esaslanyp, Türkmenistanyň Zenanlar birleşmesiniň geňeşiniň, Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň welaýat bölümleriniň, şeýle-de Lebap welaýat inçekesel hassahanasynyň bilelikdäki ylalaşylan meýilnamasyna laýyklykda welaýatyň çäginde ýerleşýän birnäçe zawod-fabrikalarda zähmet çekýän işçileriň arasynda amaly okuw maslahatlary we wagyz-ündew işleri Milli jemgyýetiniň welaýat bölüminiň degişli hünärmenleriniň jogapkärçiliginde ýerlerde yzygiderli geçirilip gelýär.
Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynyň mejlisler otagynda geçirilen okuw maslahatyna himiýa zawodynda köpden bäri zyýanly şertlerde zähmet çekýän işçileriň 100-e golaýy gatnaşdy. Okuw maslahatynyň soňunda TGÝMJ-niň Lebap welaýat bölüminiň işgärleri tarapyndan diňleýjilere keselleriň yaýramagynyň öňüni almak barada taýýarlanan ýörite kitapçalar paýlanyp berildi.
Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
