Gyzyl Ýarymaý Lebabyň etrablarynda Sagdyn durmuş ýörelgelerini ilerletmek maksady bilen duşuşyklar geçirildi.
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Çärjew, Dänew, Darganata we Farap etraplardaky wekiler tarapyndan Dänew, Çärjew we Darganata etrap, Seýdi şäher, Garaşsyzlyk şäherçe, Lebap Psihiatriýa hassahanalarynda…

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Çärjew, Dänew, Darganata we Farap etraplardaky wekiler tarapyndan Dänew, Çärjew we Darganata etrap, Seýdi şäher, Garaşsyzlyk şäherçe, Lebap Psihiatriýa hassahanalarynda lukmanlar bilen duşuşyklar geçirildi.
Duşuşyklarda ýerli wekil we Saglygy Goraýyş işgärleri inçekesele garşy köpçülikleýin göreş çäreleri barada gürrüň edip, şol çäreleriň ähmiýetini ilatyň arasynda wagyz etmek boýunça pikir alyşdylar. Bellenilişi ýaly, jemgyýeti bu keselden azat etmek birleşen tagalalaryň miwesidir. Şeýle hem çykyş edenler ýurdumyza hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda inçekeseliň döremegine we ýaýramagyna garşy köp işleriň edilendigini aýratynlygyny nygtadylar.
Duşuşyklaryň dowamynda jemgyýetiň ýerli wekili tarapyndan inçekesele garşy göreş gollanmalary paýlanyp berildi. Taraplar möhüm mesele babatynda geljekde hem bilelikde işlemegiň meýilnamalary barada pikir alyşdylar.


Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
