Gyzyl Ýarymaý Dänewde hem Farapda duşuşyk geçirdi.
Dänew etrabynyň 3-nji Farap etrabynyň 2-nji orta mekdeplerinde Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň Çärjew, Dänew, Darganata, Farap etraplaryndaky wekili tarapyndan agzalýan etraplaryň…
Dänew etrabynyň 3-nji Farap etrabynyň 2-nji orta mekdeplerinde Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň Çärjew, Dänew, Darganata, Farap etraplaryndaky wekili tarapyndan agzalýan etraplaryň ähli umumy bilim berýän orta mekdepleriniň mekdep müdirleriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasarlarynyň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Bu duşuşyk Ýokanç we ýokanç däl kesellerini öňüne almak ynsan saglygyny goramak sagdyn durmuş ýörelgelerini hem-de Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň döredilmegi bilen bagly wagyz etmek ýaly möhüm tutumlara bagyşlandy.
Duşuşykda jemgyýetiniň wekili giňişleýin çykyş etdi. Şeýle mazmunly duşuşyklary etraplardaky her bir mekdepde dowam etdirmek maslahat berildi. Çärä gatnaşyjylar çykyşy uly gyzyklanma bilen diňläp, geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesliň sagdyn ulalmagy üçin ellerinden gelen tagalalary etjekdiklerini aýtdylar. Şeýle duşuşyklaryň iňňän uly ähmiýetiniň bardygyny nygtadylar.
Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
