BAGTYÝARLYK ÝOLUNYŇ – SAGLYK ÝÖRELGESI
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti, Baky Bitarap Türkmenistan döwletinde 2026-njy ýyl “Bedew batly at myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzyň asudalygyny, halkymyzyň abadanlygyny we saglygyny goramakda ilata durmuş…

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti, Baky Bitarap Türkmenistan döwletinde 2026-njy ýyl “Bedew batly at myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzyň asudalygyny, halkymyzyň abadanlygyny we saglygyny goramakda ilata durmuş taýdan goldaw bermekde, ýaşlary milli däp-dessurlaryň ruhunda terbiýelemekde we ynsanperwerlik gymmatlyklary ýaýratmakda Hormatly Gahryman Akadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň öňde goýan maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginde saldamly goşantlaryny goşup gelýär.
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň 2026-njy ýylyň iş meýilnamalarynyň esasynda aprel aýynyň 1-30-y aralygynda ýurdumyzda yglan edilen “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş medeni çäreleriň bir aýlygynyň çäklerinde beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde ýyzygiderlikde edara-guramalarda, orta mekdeplerde köpçülikleýin bedenterbiýe-sport bilen baglanyşykly wagyz-nesihat duşuşyklary, sport bäsleşikleri geçirilýär. Bu ugurda Milli jemgyýetimiziň esasy maksatlarynyň biri saglyk syýasatyna eýerýän ýurdumyzda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş medeni çäreleriň bir aýlygynyň çäklerinde, uly jogapkärçilik duýup, ýurdumyzyň asudalygyny, halkymyzyň abadanlygyny we saglygyny goramakda, halkymyza ruhy we durmuş taýdan goldaw bermekde Döwletimiziň iň ýakyn ýardamçylary bolmak bilen özlerini kämilleşdirip, taýýarlap ustünliklere, gowy netijelere tarap alyp barýar.
Bize şeýle çäreleri gurnamaga, işlemäge, döretmäge, aň-bilimiňi artdyryp has-da öňe gitmäge, ösmäge ullakan mümkinçilikler döredip berýän, il-ýurdumyzyň, tutuş dünýäniň parahatçylygy, durnukly ösüşi, halkyň saglygy, eşretli gelejegi üçin uly tagallalary edýän Türkmenistanyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolup, umumy adamzat bähbitli tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýän.

Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…

