Garyndaşlary ýiten maşgalalaryň IV Halkara maslahaty bütin dünýäniň seslerini birleşdirýär
2025-nji ýylyň 11-13-nji noýabr aralygynda Halkara Gyzyl Haç Komiteti (HGHK) we Merkezi Gözleg Gullugy (MGG) tarapyndan gurnalan, garyndaşlary ýiten maşgalalaryň dördünji Halkara maslahaty geçirildi. Bu çäre 50-den…

2025-nji ýylyň 11-13-nji noýabr aralygynda Halkara Gyzyl Haç Komiteti (HGHK) we Merkezi Gözleg Gullugy (MGG) tarapyndan gurnalan, garyndaşlary ýiten maşgalalaryň dördünji Halkara maslahaty geçirildi. Bu çäre 50-den gowrak ýurtdan garyndaşlary ýiten 900-den gowrak maşgalanyň öz hekaýalaryny howpsuz paýlaşyp, tejribe alyşyp we meňzeş kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolan adamlaryň arasynda goldaw tapyp bilýän özboluşly global platforma öwrüldi.
Maslahatyň ählumumy sessiýalary Şweýsariýanyň Ženewa şäherindäki Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň studiýasyndan göni ýaýlyma berildi. Şol bir wagtyň özünde, bütin dünýä boýunça HGHK-nyň wekilýetleri we Milli Jemgyýetler tarapyndan 50 golaý ýerli studiýa guraldy, bu bolsa dürli sebitlerdäki maşgalalaryň giňden gatnaşmagyny we meýilnamalara işjeň goşulmagyny üpjün etdi.
Maslahatyň maksatnamasy köpdilli panel-maslahatlary, sebitdäki tejribe alyşmalary, şahsy wideo-hekaýalary, şeýle hem dialog üçin interaktiw meýdançalary öz içine aldy. Bu ýyl esasy üns maşgalalaryň başlangyçlaryna gönükdirildi: ownuk özara kömek toparlaryny we assosiasiýalary döretmek, wagyz-nesihat meseleleri, migrasiýa, howpsuzlyk we gorag meseleleri bilen baglylykda maşgalalaryň gözleg işlerine gatnaşmagy bolup durýar.
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýeti maslahatyň işini we onuň esasy netijelerini işjeň garamagyna dowam eder. Bu netijeler Milli Jemgyýet bilen Halkara Gyzyl Haç Komiteti bilen maşgala gatnaşyklaryny dikeltmek we aýry düşen maşgalalara goldaw bermek boýunça bilelikdäki işine ýardam berer.

Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…

