Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň orta mekdeplerinde köçe-ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölüminiň Garaşsyzlyk etrap wekili tarapyndan, Garaşsyzlyk etrabynyň mekdep okuwçylarynyň arasynda köçe-ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça wagyz-nesihat…

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölüminiň Garaşsyzlyk etrap wekili tarapyndan, Garaşsyzlyk etrabynyň mekdep okuwçylarynyň arasynda köçe-ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çäräniň dowamynda okuwçylara köçe-ýol hereketiniň esasy düzgünleri, pyýadalaryň we ýol hereketine gatnaşyjylaryň berjaý etmeli howpsuzlyk çäreleri barada giňişleýin düşündirişler berildi. Şeýle hem okuwçylara ýol hereketiniň düzgünlerini berk berjaý etmegiň, köçeden bellenilen ýerlerden geçmegiň we ýol belgilerine üns bermegiň ähmiýeti düşündirildi. Duşuşygyň dowamynda okuwçylaryň soraglaryna jogap berildi hem-de ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde her bir adamyň jogapkärçiligi barada söhbetdeşlik geçirildi. Şeýle wagyz-nesihat çäreleriniň geçirilmegi ýaş nesliň ýol hereketiniň düzgünleri baradaky düşünjelerini artdyrmaga, olaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge we köçe-ýol hadysalarynyň öňüni almaga uly ähmiýet berýär.


Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
