Daşoguz welaýatynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň geçirilmegi barada wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň etrap wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň geçirilmegi barada wagyz-nesihat we düşündiriş duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň…

TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň etrap wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň geçirilmegi barada wagyz-nesihat we düşündiriş duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň syýasy, durmuş-ykdysady we medeni ugurlarda gazanýan beýik üstünlikleri, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew atly at-myradyň mekany» şygary astynda geçirilýän giň gerimli işler barada giňişleýin durlup geçildi. Şeýle hem, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döwlet dolandyryş ulgamyndaky möhüm orny, milli demokratiýanyň we halk häkimiýetiniň özboluşly nusgasy hökmünde ýurduň ösüşinde eýeleýän ähmiýeti barada giňişleýin söhbet edildi. Halk Maslahatynda kabul edilýän taryhy çözgütleriň ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilendigi bellenildi. Duşuşykda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara taýýarlyk işleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde alnyp barylýandygy, bu şanly senäniň milli agzybirligimiziň, parahatçylygyň we döredijilikli ösüş ýolunyň dabaralanmasy bolup durýandygy nygtaldy. Çäräniň ahyrynda gatnaşyjylar ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik özgertmeler, halk bähbitli döwlet syýasaty hem-de asuda we bagtyýar durmuşy döretmek ugrunda döredilýän giň mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…

