Daşoguz welaýatynda Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli baýramçylyk çäresi geçirildi.
Her ýylyň 1-nji oktýabrynda bellenilýän Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi tarapyndan Daşoguz welaýat häkimliginiň we beýleki jemgyýetçilik…

Her ýylyň 1-nji oktýabrynda bellenilýän Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi tarapyndan Daşoguz welaýat häkimliginiň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bilelikde baýramçylyk çäresi geçirildi. Welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda geçirilen dabaraly çärede ýaşulularyň jemgyýetimizdäki aýratyn orny, olaryň köpýyllyk durmuş we zähmet tejribesi, ýaş nesli terbiýelemekde we milli däp-dessurlarymyzy, maşgala gymmatlyklarymyzy dowam etdirmekde bitirýän hyzmatlary barada giňişleýin bellenildi. Baýramçylyk çäresi aýdym-saz çykyşlary bilen has-da şowhunly we täsirli boldy. Ýakymly aýdym-sazlar gatnaşyjylara baýramçylyk şatlygyny paýlap, dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Çäräniň dowamynda ýaşululara hormat-sarpa goýmagyň, olaryň durmuş tejribesine we paýhasyna uly ähmiýet bermegiň türkmen halkynyň asylly däpleriniň biridigi nygtaldy. Dabaranyň ahyrynda çärä gatnaşyjylara ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Şeýle çäreler ýaşululara goýulýan uly hormatyň we sarpanyň aýdyň beýany bolup, nesilleriň arasynda özara hormat-sarpanyň hem-de agzybirligiň has-da berkemegine ýardam berýär.


Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…

