0510.2026: Ýol hereket-düzgünlerini dogry berjaý etmek –her bir ynsanyň borjudyr.
Ýurdumyzda ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, ýaş nesilleriň arasynda ýol herekediniň dogry düzgünlerini giňden wagyz etmek we olara ýolda özüňi alyp barmagyň düzgünlerini öwrenmek maksady bilen, Sarahs etrabynyň…

Ýurdumyzda ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, ýaş nesilleriň arasynda ýol herekediniň dogry düzgünlerini giňden wagyz etmek we olara ýolda özüňi alyp barmagyň düzgünlerini öwrenmek maksady bilen, Sarahs etrabynyň 19-njy orta mekdebinde ,,Ýol hereketiniň düzgünleri “ atly etrap derejesinde aýdym-sazly dabara geçirildi.
Dabaraly çärä Sarahs etrap häkiminiň orunbasary, etrap bilim bölüminiň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, oba ýaşulylary, Sarahs etrap polisiýa bölüminiň işgärleri gatnaşdy.
Jemgyýetiň meýletinçileri mekdep okuwçylar bilen bilelikde ýol herekediniň düzgünlerine degişli sahnalar gözkezip, swetoforyň yşyklandyryş belgileri, pyýadalaryň borçlary we ýol belgileriniň manylaryny çeperçilik bilen beýan etdiler.
Okuwçylar ýol herekediniň howpsyzlygyna hem-de Bagtyýar çagalyga bagyşlanan joşgunly goşgudyr aýdymlary ýerine ýetirip, baýramçylyk ruhuny artdyrdylar.Etrap derejesindäki guralan bu çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.
Täsirli geçen çärede ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi, zehinini ýüze çykarmagy ugrunda taýsyz tagalla edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
