Bütindünýä çilime garşy göreş güni
Hormatly Prezidentimiziň pähim-parasada ýugrulan syýasaty netijesinde halkymyzyň saglygy, onuň abadançylygy, asudalygy, ahlak taýdan arassalygy Watanymyzyň esasy ýörelgeleriniň birine öwrüldi. Bagtyýarlyk döwrümizde…
Hormatly Prezidentimiziň pähim-parasada ýugrulan syýasaty netijesinde halkymyzyň saglygy, onuň abadançylygy, asudalygy, ahlak taýdan arassalygy Watanymyzyň esasy ýörelgeleriniň birine öwrüldi. Bagtyýarlyk döwrümizde ýurdumyzda adamlaryň saglygyny goramak wezipesi ähli zatlary öz içine alýan ulgamdyr we milletiň, aýratyn alnan her bir adamyň ýaşaýyş durmuşyny üpjün etmegiň gündelik hakykatydyr. Munuň özi iň häzirkizaman lukmançylyk merkezleriniň we şypahanalaryň gurulmagy hem, ekologiýa baradaky aladalarda hem, köpçülikleýin sport hereketlerini, şeýle hem biziň her birimiziň aňymyzda sagdyn-ýaşaýyş durmuş ýörelgeleriniň endiklerini, ruhy we ahlak gymmatlyklaryny ornaşdyrmakdada hem öz beýanyny tapýar. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň möhüm iş ugurlarynyň biri ilatyň saglygyny we ömrüni gorap saklamaga gönükdirilen saglygy goraýyş maksatly işleriň hilini gowulandyrmakdyr Jemgyýetiň işgärleri ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak, ýaramaz endikleriň, şol sanda temmäki tüssesiniň adam bedenine zyýany hakynda maglumat beriş, bilim işini we öňüni alyş çärelerini özünde jemleýän giň möçberli işleri alyp barýarlar. 2017-nji ýylyň maý aýynyň 31-ne Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti, beýleki hyzmatdaş edaralar we guramalar bilen bilelikde Aşgabat şäheriniň ,,Aşgabat” seýilgahinde Bütindünýä temmäkä garşy göreş günine köpçülikleýin çäräni geçirdi. Çäräniň esasy maksady sagdyn durmuş endiklerini wagyz etmek boýunça işler alnyp baryldy. Jemgyýetiň meýletinçileri seýilgähe gelen ýaşlaryň arasynda zyýanly endikler, sagdyn durmuş endikleriň peýdasy barada sorag-jogap bäsleşigini geçirdiler. Bu çärä gatnaşan raýatlara 100 golaý sowgat paýlanyldy. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti tarapyndan seýilgähde çäge aýmançasy gurnalyp ýaş çagalaryň arasynda gyzykly oýunlar, surat çekmek usullaryny öwredip çagalara sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat edildi. Şeýle-de, çäräniň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmakda ýaş nesliň ýaramaz endiklerden daşda durmaklaryny gazanmakda geçirilen temmäkä garşy göreş çäresi guwanç bilen jemlendi.
Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
